Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 6 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim artdy

11:1806.07.2018
0
4174

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda üstünlikli amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy. Muňa makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen bolsa, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim artandygy şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim artdy.
Wise-premýer bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilendigi barada hasabat bermek bilen, onuň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artandygyny aýtdy.
Ortaça aýlyk zähmet haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim artdy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde öz wagtynda tölenildi.
Ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi degişli döwürde 19,1 milliard manada deň boldy.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary bilen bagly hereketler üçin paçlar hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny üstünlikli ösdürmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz bellenen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, ykdysadyýetimizi bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmäge ýardam etmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň