Soňky habarlar

Arhiw

Mongol Ralliniň ýoly Türkmenistanyň üstünden geçer

15:5103.07.2018
0
1415

15-nji iýulda «Mongol Rally» halkara awtoralli ýaryşyna badalga berler. Ýaryş Çehiýanyň paýtagty Praga şäheriniň golaýyndan başlap, Ýewropanyň, Kawkazyň, Merkezi Aziýanyň, Russiýanyň üsti bilen 15 müň kilometrlik ýol geçip, Mongoliýada tamamlanar. Ýaryşyň awgust aýynyň ortalarynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Angliýanyň «The Adventurist» kompaniýasy tarapyndan guralýan ralliniň esasy aýratynlygy oňa hereketlendirijisiniň kuwwaty 1,2  at güýjünden uly bolmadyk taryhy awtoulaglaryň gatnaşýanlygydyr.
Türkmenistan bu ýaryşy Azerbaýjandan kabul eder. Has takygy, ýaryşa gatnaşyjylar Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Watanymyza gelerler. «Mongol Rally» Türkmenistanda iki ugur — Aşgabat — Daşoguz hem-de Aşgabat — Türkmenabat ugurlary boýunça hereket eder. Onuň ýoly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda esasy merkezler bolan Nusaý, Abiwerd, Merw, Amul, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärlikleriň üstünden geçer. Elbetde, Ralli ýaryşyna gatnaşyjylar Derwezedäki ägirt gaz kraterine hem baryp görerler.
Ralli soňra Özbegistanda, tňjigistanda, Gyrgyzystanda we gazagystanda dowam edip, Russiýa, ol ýerden hem Mongoliýa geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň