Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

09:1903.07.2018
0
6447

2-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda:
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany ýerine ýetirmegiň çäklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi;
içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda hukuk tertibini üpjün etmek, ulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri;
goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren wajyp tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylan çäreler;
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet önümçiligi ulgamyny kämilleşdirmek, bu düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet işlerine garalanda ýokary kanunçylygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler;
Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleri we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda birnäçe döwlet düzümlerinde geçirilen barlaglaryň netijeleri;
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goraglylygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler we umuman, Türkmenistanyň serhetlerindäki ýagdaý;
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de degişli kanunçylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler;
adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — iýun aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, milli Liderimiziň ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de dünýäniň hukuk ülňülerine laýyk getirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, düzümiň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän çäreler;
Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy göreşmek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň düzümiň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdiler.
Mejlisiň jemini jemläp, döwlet Baştutany diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy hem-de ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berjekdigini aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň