Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Futbol boýunça dünýä çempionatynda çärýek finala çykmak ugrunda jemleýji duşuşyklar geçiriler

05:5203.07.2018
0
11680

Şu gün Russiýa — 2018-iň 1/8 final duşuşyklarynyň jemleýji güni. Ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin bu gün Ýewropanyň üç we Günorta Amerikanyň bir ýygyndysy göreşer.
Şwesiýa bilen Şweýsariýanyň arasyndaky duşuşyk şwedleriň FIFA-nyň derejesindäki ýaryşlarda 50-nji duşuşygy bolar. Soňky 25 halkara duşuşygynda diňe bir gezek ýeňlen Şweýsariýanyň ýygyndysy soňky 5 çempionatda dördünji gezek 1/8 finala çykdy. 2010-njy ýyla bolsa olar toparçadan çykyp bilmän, Watanyna dolanmaly bolupdylar.
Angliýanyň ýygyndysy bolsa kolumbiýaly futbolçylar bilen geçirjek duşuşygynda dünýä çempionatlarynda 66-njy gezek ýaşyl meýdana çykarlar. Mundan öň iňlisler çärýek finala 2006-njy ýylda çykyp görüpdiler. Şol duşuşykda Dewid bekhamyň geçiren goly bilen Angliýa Ekwadory bary-ýogy bir pökgi tapawudy bilen ýeňipdi.
Çempionatyň beýleki çärýek finalçylary belli boldy. Olar Urugwaý — Fransiýa (6-njy iýul, Nižniý Nowgorodda), Russiýa — Horwatiýa (7-nji iýul, Soçide), Braziliýa — Belgiýa (6-njy iýul, Kazanda).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň