Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky we Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryň arasynda ekspordyň ösmegine ýardam berýär

14:2402.07.2018
0
8123

Halkara söwdany ösdürmek we eksporda degişli meseleleri we pursatlary barada habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy hem-de “Türkmenistanda oba hojalygyny we obany durnukly ösdürmäge ýardam – III tapgyr” atly Ýewropa Bileleşiginiň taslamasy bilen işdeşlikde Türkmenistanyň paýtagtynda okuwy geçirdi.
«Kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynda ekspordy ösdürmegi – eksporda taýýarlyk» atly üç günlik okuw çäresine ýerli hususy kärhanalaryň, hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Turkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdy.

Daşky söwda – ýurdyň ykdysady ösüşine täsir edýän esasy meseleleriniň biridir. Türkmenistanda ekspordy ösdürmäge ýardam bermek we import edilýän harytlaryň ornuny doldurmak maksady bilen geçen ýyllarda dürli döwlet meýilnamalary kabul edildi. Ýurdyň häzirki döwlet meýilnamalarynyň üstüni ýetirmek maksady bilen, ÝTÖB Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik kärhanalary üçin ýörite taýýarlanan okuwy hödürledi.
Okuwyň dowamynda gatnaşyjylaryň arasynda eksport ýörelgeleri we gurallary barada maslahatlaşmaga mümkinçilik döredildi. Ýylyň dowamynda ÝTÖB we ÝB goldawy bilen, iň ýetişikli kiçi we orta telekeçilik kärhanalary aýratyn kouçing sessiýalardan peýdalanyp biler.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda ekspordyň ösmegine ÝTÖB-nyň “Kiçi Telekeçilik üçin Maslahatlar” meýilnamasynyň we “Türkmenistanda oba hojalygyny we obany durnukly ösdürmäge ýardam – III tapgyr” atly taslamasynyň üsti bilen ýardam berýär. Bu taslama oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiligine goldaw berýär we Türkmenistanyň önümlerini halkara bazarynda beýgeltmek üçin marketing kömegini teklip edýär.

Türkmenistanda işe başlandan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky pudaklaryň giň köpdürliligine 65 sany taslama arkaly 250 mln. ýewrodan gowrak maýa goýdy we 200-den gowrak kiçi we orta telekeçilik kärhanalaryň maslahat almak arkaly ösmegine ýardam berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň