Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilkinji teatr festiwaly geçirilýär

09:3702.07.2018
0
8331

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwaly açyldy.
Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan teatr işgärleri paýtagtymyza bir hepdelik geldiler. Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda geçirilýän bu festiwal aýratyn ähmiýete eýedir.
Soňra paýtagtymyzyň alty teatry we welaýat teatrlarynyň dördüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda goýan sahna oýunlaryndan parçalary görkezdiler. Çäräniň barşynda halk sazlary, türkmen şahyrlarynyň goşgulary hem-de zamanamyzy wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da 1 — 7-nji iýul aralygynda paýtagtymyzda görkeziljek sahna oýunlarynyň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Asylly däbe görä, festiwala gabatlanyp, sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul — Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogar ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Daýahatyn”, “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly”, “Ýüpek rowaýaty”, “Ýüreklere ýollar”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly teatr oýunlary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň