Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň "Alga" futbol toparyna ýene iki türkmenistanly legioner goşulyp biler

14:1530.06.2018
0
1332

“Ahal” toparynyň goragçysy Ata Geldiýew bilen “Merwiň” ýarymgoragçysy Ilýa Tamurkin Bişkek şäheriniň “Alga” toparynda gözden geçýärler — diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (tff.com.tm) ýazylýar.

Häzirki wagtda futbolçylarymyz Bişkegiň toparynyň düzüminde okuw-türgenleşige gatnaşýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda “Algada” türkmen futbolçysy Serdaraly Ataýew çykyş edýär. Ildeşimiz toparynyň çempionatyň çäginde “Ilbirs” bilen geçirilen duşuşykda iki top geçirip, toparynyň 5:0 hasabynda ýeňiş gazanmagyna ýardam etdi.

Geçirilen oýunlardan soň “Alga” topary ýerli çempionatynda üçünji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň