Türkmenistanda “Saglyk — 2018” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

18:5229.06.2018
0
2959

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Her ýylyň 21-nji iýulynda döwlet derejesinde bellenilýän bu baýramçylygyň hormatyna “Saglyk — 2018” atly halkara sergini we ylmy maslahaty, şonuň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasy we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş edaralaryny ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz belledi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etmeginiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň