Dünýä çempionaty — 2018: 3-nji tapgyr — 1/8 finala ýol

17:3229.06.2018
0
2365

25-nji iýun

Çempionata garaşylyşyndan gowy başlan ýer eýeelriniň — Russiýanyň ýygyndysynyň “ýyndamlygy” Urugwaýa çenli boldy. Hem Angliýada, hem Ýewropanyň Çempionlar ligasynda parlan Mohamed Salah we Müsüriň ýygyndysy üçin Dünýä çempionaty gussaly tamamlandy.

“B” toparçada Eýran bilen Marokko ýewropaly garşydaşlaryndan ýeäilmedik hem bolsalar, çempionat bilen hoşlaşmaly boldular.

“A” toparça

Saud Arabystany — Müsür 2:1

Pökgi geçirenler: Al-Faraj 45+6 (11 m.j.u.), Al-Dawsari 90+5 — Salah 22.

Urugwaý — Russiýa 3:0

Pökgi geçirenler: Suares 10, Çeryşew 23 (ö.d.), Kawani 90.

“A” toparçada Urugwaý 9, Russiýa 6 utuk bilen 1/8 finala çykdy.

 

“B” toparça

Eýran — Portugaliýa 1:1

Pökgi geçirenler: Ansarifard 90+3 — Kuarežma 45.

Ispaniýa — Marokko 2:2

Pökgi geçirenler: Isko 19, Aspas 90+1 — Butaib 14, En-Nesiri 81.

“B” toparçada Ispaniýa bilen Portugaliýa 5 utuk toplap, 1/8 finala çykdy.

26-njy iýun

Daniýa bilen Fransiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk şu çempionatyň iň içgysgynç, özi-de “sessiz” geçen duşuşygy bolsa-da, Perunyň futbolçylary ýewropaly topardaşlaryna gaharyny Awstraliýadan çykardylar. Yklymdaşlarymyzyň bäşinji ýollanmasynyň eýesi bolsa çempionatdan bary-ýogy 1 utuk bilen gaýtmaly boldy.

Geçen çempionatyň finalçysy üç duşuşyk 4 utuk toplap, iň az utuk bilen 1/8 finala çykan ýygyndy boldy. Horwatiýa bolsa tas-kem ikinji düzüm bilen hem Ýewropanyň täze ýyldyzy — island futbolçylaryny utulyşa sezewar etdi.

“C” toparça

Daniýa — Fransiýa 0:0

Awstraliýa — Peru 0:2

Pökgi geçirenler: Karrilo 18, Gerrero 50.

“C” toparçada Fransiýa 7, Daniýa 5 utuk bilen 1/8 finala çykdy.

 

“D” toparça

Nigeriýa — Argentina 1:2

Pökgi geçirenler: Mozes 51 — Messi 14, Roho 86.

Islandiýa — Horwatiýa 1:2

Pökgi geçirenler: Sigurdsson 76 (11 m.j.u.) — Badel 53, Perişiç 90.

“D” toparçada Horwatiýa 9, Argentina 4 utuk bilen 1/8 finala çykdy.

27-nji iýun

Braziliýanyň “E” toparçada birinji orun bilen 1/8 finala çykan güni geçen çempionatda tutuş Braziliýany 7 gol bilen gözýaşa bogan Germaniýanyň ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek toparçadan çykyp bilmeýşi, hatda “F” toparçany iň soňky orunda tamamlaýşy günüň esasy aýratynlygy boldy. Ikinji tapgyrda Germaniýadan iň soäky sekuntlarda ýeňlen Şwesiýa bolsa bu gezek Germaniýanyň iň soňky sekuntlarda ýeňlişine şaýat boldy. Bu — futbol! Täsinlikleriň oýny.

“E” toparça

Serbiýa — Braziliýa 0:2

Pökgi geçirenler: Paulinýo 38, Tiago Silwa 68.

Şweýsariýa — Kosta-Rika 2:2

Pökgi geçirenler: Jemaýli 31, Drmiç 88 — Uoston 56, Zommer 90+4 (ö.d.)

“E” toparçada Braziliýa 7, Şweýsariýa 5 utuk bilen 1/8 finala çykdy.

 

“F” toparça

Koreýa — Germaniýa 2:0

Pökgi geçirenler: Kim Ýon Gwon 90+3, Son Hyn Min 90+6.

Meksika — Şwesiýa 0:3

Pökgi geçirenler: Augustinsson 50, Grankwist 62 (11 m.j.u.), Alwares 74 (ö.d.).

“F” toparçada Şwesiýa bilen Meksika 6 utuk toplap toparçadan çykdylar.

28-nji iýun

“G” toparçanyň soňky duşuşygynda Belgiýadan utulan iňlis futbolçylary toparçada ikinji orny eýelediler. Panamaly futbolçylar bolsa ilkinji gezek gatnaşan Dünýä çempionatyndan bir utuk hem alyp bilmediler. 

Üçünji tapgyryä duşuşyklaryndan soň “H” toparçada täsin ýagdaý emele geldi. Ikinji we üçünji orun üçn dalaşgärler Ýaponiýanyň we Senegalyň ähli görkezijileri deň geldi. Şeýlelikde, ikinji ornuň eýesi duýduryşlaryň azlygy bilen kesgitlendi. Şu talaba laýyklykda “Aziýa kubogy — 2019-daky” topardaşlarymyz Aziýadan ýeke-täk ýygyndy bolup, 1/8 finala çykdylar.

“G” toparça

Angliýa — Belgiýa 0:1

Pökgi geçiren: Ýanuzaý 51.

Panama — Tunis 1:2

Pökgi geçirenler: Meriýa 33 (ö.d.) — Ben Ýussef 51, Hazri 66.

"G" toparçada Belgiýa 9, Angliýa 6 utuk bilen toparçadan çykdy.

 

“H” toparça

Ýaponiýa — Polşa 0:1

Pökgi geçiren: Bednarek 59

Senegal — Kolumbiýa 0:1

Pökgi geçiren: Mina 74.

"H" toparçada Kolumbiýa 6, Ýaponiýa 4 utuk bilen toparçadan çykdy.

1/8 final

30-njy iýun: Urugwaý — Portugaliýa, Fransiýa — Argentina

1-nji iýul: Ispaniýa — Russiýa, Horwatiýa — Daniýa

2-nji iýul: Braziliýa — Meksika, Belgiýa — Ýaponiýa

3-nji iýul: Şwesiýa ­— Şweýsariýa, Kolumbiýa — Angliýa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň