Türkmenistanda iýul aýynyň medeni maksatnamasy tassyklanyldy

11:5729.06.2018
0
3982

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa iýul aýynda geçiriljek medeni çäreler, milli baýramçylyk we şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda medeni-durmuş maksatly ulanylmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralaryny guramaga görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli maslahatlary, sergileri, konsertleri geçirmek we bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we Gökderedäki, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dürli bäsleşikler, sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar we Saglyk ýoluna ýörişler guralar.

Medeni çäreleriň hatarynda Hazaryň kenarynda dynç alyş merkezli akwаparkyň we “Awaza” şypahanasynyň, şeýle hem durmuş we senagat maksatly dürli desgalaryň açylyş dabaralaryna bagyşlanan döredijilik çäreleri bar. 1—7-nji iýul aralygynda Aşgabatda teatr festiwaly geçiriler. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň çäreleriniň dowamynda iýul aýynyň ikinji ýarymynda Balkan welaýatynda “Küştdepdi — dünýä medeniýetiniň gymmatlygy” atly festiwal bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň