Wenada türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçiriler

10:2229.06.2018
0
6469

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Wena şäherinde türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny geçirmek hakyndaky teklibi hödürledi.

Bu çäräniň baş maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekden, Ýewropanyň bazarlaryna ýurdumyzyň önümlerini eksport etmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmekden, hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikdäki taslamalaryň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, Diýarymyzyň erkin ykdysady zolaklarynda täzeçil önümçilikleri döretmekden, aragatnaşyk we logistika pudaklarynda gatnaşyklary ýola goýmakdan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda syýahatçylygy ösdürmekden ybaratdyr.

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, hususy pudaga döwlet tarapyndan berilýän goldaw, türkmen telekeçilerine ynanylan giň göwrümli maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Awstriýanyň öňdebaryjy kärhanalary bilen tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara işewür çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berip, şolaryň daşary söwda gatnaşyklarynyň berkidilmegine we giňeldilmegine, Türkmenistanyň maýa goýum hem-de eksport mümkinçilikleri bilen dünýä bileleşigini tanyşdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geljegi uly taslamalaryň üstünde bilelikde işlemek üçin hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin meýilnamalary boýunça binýadyň ýokary derejede goýulmalydygyny aýdyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň