Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Russiýanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

10:0629.06.2018
0
16433

28-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde milli howpsuzlyk ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permanyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewe Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin ýokary döwlet sylagy bolan “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanandygy baradaky habary ýetirdi.

Türkmenistanyň  Prezidenti Russiýanyň döwlet Baştutanyna Berdimuhamet 
Annaýewe berlen ýokary döwlet sylagy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sylag biziň watandaşlarymyza, ikinji jahan urşunyň söweşlerinde söweşen gaýduwsyz esgerlerimize we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň berkarar bolmagy ugrunda baş goýan pederlerimize goýulýan hormatyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň