Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda netbuk öndürilip başlanar

08:4328.06.2018
0
1911

Şu ýylyň sentýabr aýynda ilkinji türkmen netbuklary önümçilige goýberilip başlanar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýasy merkezinde ilkinji netbuklar, planşetler we iş kompýuterleri ýygnalyp başlanar diýip, «Sýwda we hyzmat — 2018» sergi-ýarmarkasynda habar berildi. 
Täze önümçilikde ilkinji işler hytaýly hünärmenler bilen birlikde alnyp barlar. Ýokary hilli boljak tehnologiýa önümleriniň bahasy hem elýeter bolar. Olary müşderiler ortaça müň manat möçberinde satyn alyp bilerler. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirlýän tehnologiýa önümlerinden ep-esli arzandyr.
Kompýuter tehnologiýa merkeziniň sergi-ýarmarkasyndaky bölüminde Türkmenistanda öndüriljek kompýuterleriň ilkinji nusgalary görkezildi. Täze önümçilik üçin gurulýän kärhanada bolsa, elbetde, ildeşlerimiziň onlarçasy üçin iş orunlary dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň