Soňky habarlar

Archive news

Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

20:4927.06.2018
0
5520
Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI  2018 — 2019-njy okuw ýyly üçin Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär.

Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistratura talyp ýerlerine — ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmekligiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kabul ediş topary tarapyndan 2018-nji ýylyň 28-nji iýuny — 7-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberilýän daşary ýurt raýatynyň (Türkmenistan) bellenen nusga boýunça
sowalnamasy;

— umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bilim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy we onuň rus diline resmi terjimesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm möçberde alty sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Belarus Respublikasyna okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2018-nji ýylyň 13 — 16-njy iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän derslerden test (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça synag) hem-de Türkmenistanyň taryhy dersinden söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31; Tel.: 94-69-90, 94-54-29.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň