Türkmenbaşy şäheriniň we Awazanyň binagärlik keşbiniň üsti täze binalar bilen ýetiriler

09:4626.06.2018
0
6027

25-nji iýunda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda  wise-premýer M.Çakyýew döwlet Baştutanyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň öňündäki aýlaw ýolunyň merkezinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi hem-de has aýdyňlyk üçin olary wideoşekiller arkaly görkezdi.
Milli Liderimiz täze binalaryň Hazaryň boýundaky şäheriň hem-de deňziň kenarynda okgunly ösýän halkara derejeli dynç alyş zolagynyň bezegine öwrülmelidigini belläp, olary “Awazanyň ýalkymy” hem-de “Hazar merjeni” diýip atlandyrmak barada hödürlenen teklipleri makullady.
Bu sebitde şeýle binalar ozal 2013-nji ýylda açylypdy. Olar Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň ýanyndaky aýlawda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna girilýän ýoluň aýlawynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň