Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi 25.06.2018

09:3326.06.2018
0
4494

Medeniýet hepdeliginiň dördünji güni Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde guralan gyzykly wakalara baý boldy.
Günüň birinji ýarymynda “Gökdepe” milli muzeýinde “Beýik Ýüpek ýoly we muzeý gymmatlyklarynyň taryhy ähmiýetli” atly maslahat geçirildi, oňa ylmy işgärler, taryh we arheologiýa, abatlaýyş ulgamynyň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinden muzeý işgärleri gatnaşdylar.
Şu gün Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda “Şirwan perdäniň owazlary” ady bilen çäre geçirildi. Onda bagşylar öz ussatlygyny görkezdiler. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary Medeniýet hepdeliginiň ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmen jigitleri deňsiz-taýsyz ahalteke bedewlerinde at çapmagyň ajaýyp ussatlygyny, dogumlylygy we çalasynlygy görkezdiler.
Döredijilik forumynyň dördünji güni Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki sahna meýdançasynda halk we häzirki zaman aýdymlary we sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň