Soňky habarlar

Arhiw

Amir Gurbany toparyny täzeledi

15:5025.06.2018
0
1173

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 31 ýaşly ýarym goragçysy Amir Gurbany çykyş edýän toparyny täzeledi. Ýylyň ilkinji alty aýyny Gyrgyzystanyň iň titully toparlarynyň biri bolan «Dordoýda» geçiren ildeşimiz ýakynda topar bilen şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrdy. Indi ol Maldiw adalarynyň «New Radiant» toparynda çykyş eder.

Üstünlikden doly alty aý

«Turkmenportalyň» okyjylarynyň ses bermeginde 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilen ýarym goragçynyň «Dordoýda» üstünlikli çykyş edendigini nygtamak gerek. Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň saýlama tapgyrynda «Dordoý» ýurdumyzyň wekili «Ahaldan» ýeňlenem bolsa, Balkanabatda geçirilen jogap duşuşygynda iki gezek tapawutlanan türkmenistanly legioner tälimçileriniň ynamyny gazanypdy. Ol Gyrgyzystanyň çempionatyna hem üstünlikli başlady. Soňky döwürde topardan gitmek baradaky islegi sebäpli esasy düzümden çetleşdirilen hem bolsa, geçen döwürde 6 gol, bir asistlik netije görkezip ýetişdi.

Täze topar, täze başdan geçirmeler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyna beren interwýusynda futbolçy Maldiw adalarynyň toparyndan teklip gelensoň, ol barada çynlakaý pikirlenendigini, ýöne özüniň «Dordoýdan» gaýtjakdygyny öňräkden bäri bilýändigini aýtdy. Amir täze topary bilen täze başdan geçirmeleriň, täze şowlulyklaryň gözleginde. Ol nirde, haýsy döwletde, haýsy toparda çykyş edýändigine garamazdan, özüni unutmaýandyklary üçin janköýerlere hoşallyk bildirýär?

«New Radiant» nähli topar?

Bir söz bilen, ol häzirki wagtda Maldiw adalarynyň iň güýçli toparlarynyň biri. 1979-njy ýylda döredilen topar soňky 6 ýylyň içinde 5 gezek ýurduň çempiony boldy. Jemi bolsa onuň 6 çempiuonlygy bar. Şeýle hem ol ýurduň kubogyna 12, Prezidentiň kubogyna-da 12 gezek mynasyp boldy. Toparyň aşaky çempionatlarda hem birnäçe ýola çempionlygy bar. 
«New Radiant» halkara ýaryşlarda 1991-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. Topar şu ýyl Afk-nyň kubogynda «E» toparçada çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, Hindistanyň «Bengaluru» topary bu toparçany birinji orunda tamamlap, indiki tapgyrda Türkmenistanyň «Altyn asyrynyň» garşydaşy boldy. Amir Gurbanynyň täze topary bolsa toparçada 12 utuk toplap, ikinji orny eýeläpdi.
Tejribeli futbolça täze toparynda üstünlik arzuw edýäris!!!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň