Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen atly jigitleri “Aziýanyň ýaňy — 2018” sirk festiwalyna gatnaşar

15:2425.06.2018
0
1352

Halkara bäsleiklerdir festiwallaryň ençemesiniň ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki we “Türkmen jigitleri” toparlary şu ýylyň 4 — 8-nji iýuly aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek “Aziýanyň ýaňy” atly sirk festiwalyna gatnaşarlar. Türkmen jigitleri festiwala gatnaşjak 13 döwletiň wekilleriniň biri bolar. Soňky ýyllarda dünýä sirk sungatynyň ýyldyzyna öwrülip barýan toparymyzdan başga-da, festiwalda Gazagystanyň, Belarusyň, Fransiýanyň, Gyrgyzystanyň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Kanadanyň, Efiopiýanyň, Wengeriýanyň we Nikaraguanyň toparlary çykyş ederler.
Bu festiwal Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň şu ýylyň dowamynda gatnaşýan ikinji halkara çäresidir. Ýakynda toparyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankadaky ” atly I halkara sirk festiwalyna hem gatnaşyp, “Altyn Gaetan” ýörite nyşany bilen dolanandygy okyjylarymyzyň ýadyndadyr. Russiýa, Italiýa, Hytaý ýaly köp sanly döwletlerden iň güýçli sirk toparlarynyň gatnaşan festiwalynda türkmen atly jigitleriniň aýratyn baýraga eýe bolmagy, toparyň çykyşyna Astanada geçiriljek festiwalda hem gyzyklanmanyň uly boljakdygyny buşlaýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň