IWF-niň wekiliýeti Aşgabatda saparda boldy

15:1425.06.2018
0
914


Aşgabadyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna görýän taýýarlyklaryny gözden geçirmek maksady bilen, ýakynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň wekilleriniň ýurdumyza ikinji tehniki sapary boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, IWF-niň wekiliýeti türkmen paýtagtyna şu ýylyň fewral aýynda hem gelip, taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanşypdylar.
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndan miras galan ajaýyp sport toplumynyň — Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap sport desgalarynyň birinde geçiriler. Düzüminde IWF-niä halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Aniko Nemet-Mora, ýaryşlary hakdaky sowallar boýunça adminstrator Matias Lenser we operasiýa menejeri Anželika Motte dagy bolan wekiliýet Aşgabadyň dünýä çempionatyna görýän taýýarlygyna ýokary baha berdiler. Esasan hem olar “Aşgabat 2017-niň” üstünlikli geçirilendigini nygtamak bilen, bu üstünligiň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hem gaýtalanjakdygyna ynam bildirdiler.
Saparyň dowamynda IWF-niň wekilleri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hem-de beýleki käbir degişli edaralarda duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem myhmanlar ýaryşyň geçiriljek, türgenleriň ýaşajak ýerlerine aýlanyp görüp, iýmit üpjünçiligi we başga-da birnäçe meseleler bilen gyzyklandylar.
— Biz bu saparyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejedäki taýýarlygyna şaýat bolduk — diýip, Aniko Nemet-Mora saparyň jemleri baradaky pikirlerini beýan etdi. — Türkmenistan çempionaty kabul ediji döwlet hökmünde dünýä döwletlerinden geljek myhmanlara zerur bolan ähli mümkinçilikleri döreder. Daşary ýurtlardan gelen wekilýetler ähli hyzmatlardan mugt peýdalanyp bilerler. Biziň toparymyzyň düzüminde Fransiýanyň “Lagardere Sports” media-kompaniýasynyň wise-prezidenti hem bar. Bu kompaniýa çempionaty göni ýaýlymda görkezmek üçin türkmen telewideniýesi bilen geleşik baglaşar.
Agyr atletika boýunça nobatdaky dünýä çempionaty şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň