Soňky habarlar

Arhiw

«Alganyň» ýeňşine Ataýewiň goşa goşandy bar

15:0525.06.2018
0
1192


Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň TOP-ligasynda «Alga» topary «Kara-Balta» bilen myhmançylykda duşuşyk geçirip, ýer eýelerini 5;2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda türkmenistanly legioner Serdaraly Ataýew iki gezek tapawutlanyp, toparynyň üçünji hem-de bäşinji pökgüsini geçirdi.
Şu tapgyrda düzüminde ýene bir legionerimiz Amir Gurbany çykyş edýän «Dordoý» hem myhmançylykda «Akademiýany» edil şeýle hasap (5:2) bilen ýeňdi. Ýöne duşuşykda tapawutlananlaryň arasynda biziň ildeşimiziň ady geçmeýär.
Yzda galan 13 tapgyryň duşuşyklaryndan soňra ýaryş tertibinde «Dordoý» birinji, «Alga» bolsa ikinji orunda. Möwsümdäki gollarynyň sanyny 5-e çykaran Serdaraly Ataýew möwsümde iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ilkinji üçlükde. Amir Gurbanynyň bolsa gyrgyz çempionatynda 4 goly bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň