Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi dowam edýär

09:3325.06.2018
0
4574

 Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde 23-nji we 24-nji iýunda ylmy maslahatlar, çeper sergiler we sungat ussatlarynyň, şahyrlaryň we ýazyjylaryň, artistleriň, bagşylaryň we sazandalaryň konsertleri, şeýle hem ýurdumyzyň ýazyjylary bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi.
Çäreleriň çäklerinde medeniýet, sungat, ylym, bilim işgärleri, şeýle hem ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşen “Magtymguly Pyragy” muzeýine baryp gördüler hem-de görnükli şahyryň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Ahal welaýatynyň kitaphanasynda bolsa “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Beýik Ýüpek ýolunyň beýany” atly ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň usuly maslahaty we kitap-neşir önümleriniň sergisi guraldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Halk döredijiligi — milli medeni mirasymyz” atly aýdym-sazly dabara boldy. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar.
Änew şäherinde hem “Bagtyýar nesiller” çagalar toparynyň baýramçylyk çykyşlary hem-de Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy ýadygärligine-de baryp gördüler. Hepdeligiň çäklerinde Türkmenistanyň milli “Ak bugdaý” muzeýinde ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy we “Beýik Ýüpek ýoly şekillendiriş sungatynda” atly ylmy maslahat geçirildi.
Türkmen milli konserwatoriýasynda “Halypa sungat ussatlarynyň döredijilik ýoly” atly aýdym-sazly dabara geçirildi, bu çäre zehinli sazandalaryň birnäçe neslini terbiýeläp ýetişdiren ussat halypalara bagyşlandy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzdaky beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň öňünde “Pyragynyň paýhasy — berkararlyk baýdagy” aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada bolsa Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde bäsleşikler, maslahatlar, folklor çykyşlary, ussatlyk sapaklary, konsertler, sungat eserleriniň sergileri, kinofilmleriň görkezilmegi we beýleki çäreler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň