Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

12:0124.06.2018
0
6196

22-nji iýunda Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Medeniýet hepdeligi — 2018-iň açylyş dabarasy ýurdumyzyň şöhratly taryhynyň belli künjegi bolan Ak bugdaý etrabyndaky ajaýyp Ahal ýaýlasynda boldy. “Nowruz ýaýlasy” meýdanynda hepdeligiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň hepdelige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalandan soňra, sungat ussatlarynyň konserti boldy. Köpöwüşginli çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, köp taraply döredijilik zehinini açyp görkezdi. Artistleriň çykyşlary Bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň aýratyn sepgitlerini beýan edýän wideogörnüşler bilen utgaşdyryldy.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeligi — 2018-iň çäreleri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde dowam etdi. “Bagtyýarlyk joşguny” şygryýet agşamy Türkmenistanyň belli söz ussatlaryny hem-de döredijilik ýoluna başlan ýaş şahyrlary bir ýere jemledi. Onda ata Watanymyza bagyşlanan, ene topragyň gözelligini wasp edýän şahyrana eserler ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň