Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

12:5423.06.2018
0
6250

22-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi.
Duşuşygyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza iri maýa goýum taslamasyny amala aşyrmagyň - Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmagyň barşy barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şeýle taslama Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň gatnaşmagynda dünýä tejribesinde ilkinji gezek amala aşyrylýar. Çig malyň çuňňur arassalanmagy netijesinde zawodyň öndürjek önümi hili we ekologiýa talaplary boýunça ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk geler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, anyk netijäni ugur edinýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň