Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda 750 desganyň gurluşygy alnyp barylýar

10:2022.06.2018
0
1632

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda geçirilýän maslahatyň gün tertibiniň indiki meselesine geçmek bilen, ertir ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular hem-de täze kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasy geçiriler diýip, milli Liderimiz aýtdy. Iň täze tehnika we enjamlar bilen üpjün edilen iri lukmançylyk toplumy ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap açmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Lebap welaýatynda döwrebap ulag ulgamy işjeň ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Amyderýanyň üstünden iri awtomobil we demir ýol köprüleri açyldy, Türkmenabatda täze halkara howa menzili ulanmaga berildi. Kerki şäherinde hem howa menzili gurulýar.
Häzirki güne çenli welaýatda jemi, umumy bahasy üç ýarym milliard manada golaý bolan takmynan 750 desga bina edilýär.
Şunuň bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sebitde halkara syýahatçylygyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi, welaýatyň çäklerinde Repetek we Köýtendag, Garlyk we Hojapil ýaly ösümlikleriň seýrek görnüşi gabat gelýän täsin tebigatly goraghana künjekleri ýerleşýär.
Welaýaty toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça dowam etdirilýän yzygiderli işler onuň geljekde gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýär diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň