Soňky habarlar

Arhiw

Halkara awtoralliniň dowam edýän döwründe lukmançylyk we meýletinçilik hyzmatlary ýokary derejede ýola goýlar

10:0722.06.2018
0
1469

Gadymy Amuldan Hazara çenli aralykda guralýan Halkara awtoralliniň geçirilýän döwründe duralgalaryň dördüsiniň hem golaýynda tejribeli lukmanlardan, Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün edilen ýörite reanomobillerden ybarat düzümde lukmançylyk toparlarynyň nobatçylygy guralar. Ýaryşlaryň ugry boýunça tehniki hyzmat edilýän nokatlarda “Tiz kömek” ulaglary nobatçylyk eder.
Ýaryşa gatnaşyjylary we myhmanlary mynasyp garşylamak, dürli resminamalary taýýarlamak, terjimeçilik hyzmatlaryny etmek üçin 200-den gowrak meýletin kömekçiler saýlanyp alyndy, olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, Bilim ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Meýletinçiler merkezlerinde taýýarlyk geçýärler. Häzirki wagtda olar halkara awtorallilere hyzmat etmegiň ugurlary boýunça ýörite maksatnama esasynda degişli gollanmalar bilen üpjün edilýärler we okuw geçýärler.
2018-nji ýylyň 7-nji sentýabryndan 11-nji sentýabr aralygynda, Türkmenabat şäherinde awtorallini geçirmäge taýýarlyk görülýän döwürde awtomobil ýaryşlarynyň geçiriljek ugrunda, duralgalarda, şeýle hem pellehanada — "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Içeri işler ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaryşa gatnaşyjylary ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň