Soňky habarlar

Arhiw

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisinde ýollaryň uzynlygy bir ýarym müň kilometrden geçer

10:0122.06.2018
0
2540

20-nji iýunda lebap welaýatynda geçirilen iş maslahatynda içeri işler ministri I.Mulikowyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, “Amul — Hazar 2018” awtoralliniň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen “Afriсa Eсo Raсe” kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde maý aýynda sapar guraldy, bu awtoralli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäkleriniň, şol sanda Garagum çölüniň üstünden geçer.Ýoluň esasy we kömekçi bölekleriniň ugurlary we uzaklygy, düşelge ýerleri bellenildi.
Netijede, ähli ýollaryň umumy uzynlygy 1 müň 566 kilometre deň boldy, olaryň 1 müň 158 kilometri ýaryşlaryň geçýän ugry, 408 kilometri bolsa ýaryş geçirilmeýän ýollardyr.
Duralgalary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, olaryň her birinde 3 müň orunlyk naharhana, metbugat merkezi, lukmançylyk nokady, sungat ussatlarynyň çykyş etmegi üçin sahna, sergileri guramak üçin ýörite ýerler, ak öýler, beýleki desgalar bolar, şeýle hem kiçi göwrümli uçarlar we dikuçarlar üçin gonuş meýdançalary göz öňünde tutulýar. Ýangyna garşy göçme toparlar ýangyn howpsuzlygyny üpjün ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň