Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisine taýýarlyk meseleleri boýunça maslahat geçirdi

21:2421.06.2018
0
4155

20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda başlanan iş saparynyň çäklerinde Ruhyýet köşgünde ýurdumyzda sporty ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Hususan-da,“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyk çärelerine garaldy. Şeýle hem maslahatda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Içeri işler ministri I.Mulikow “Amul — Hazar 2018” awtoralliniň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen “Afriсa Eсo Raсe” kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde maý aýynda guralan saparyň jemleri;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine gatnaşyjylaryň deslapky düzümi;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän işler;
Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak dabaralara taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, “Amul — Hazar 2018” awtoralliniň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, bu çärä göwnejaý taýýarlyk görmek üçin ýene-de käbir meseleleriň çözülmelidigini aýtdy we ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda geçirilýän maslahatyň gün tertibiniň indiki meselesine geçmek bilen, ertir ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular hem-de täze kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasy geçiriler diýip aýtdy. Iň täze tehnika we enjamlar bilen üpjün edilen iri lukmançylyk toplumy ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap açmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň