Gazagystanda döredijilik we ylmy intelligensiýanyň forumy tamamlandy

21:1621.06.2018
0
5380

20-nji iýunda Gazagystanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIII forumy öz işini tamamlady. Oňa Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda görnükli ylym, bilim, medeniýet işgärleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem döwletara düzümleriň, halkara guramalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri bar.
Forumyň işiniň ikinji gününde ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň esasy ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmak we ony baýlaşdyrmak boýunça anyk çäreler kesgitlenildi, ýakyn geljekde bilelikdäki maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamda öz ýurtlarynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar, döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öz tejribelerini paýlaşdylar hem-de geljekki nesilleriň bähbitlerine hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada öz tekliplerini beýan etdiler.
Tanyşdyrmalaryň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyş etdiler. 
Forumyň işiniň netijeleri boýunça Rezolýusiýa kabul edilip, onda bilelikde geçirilen çäreleriň tejribesi hem-de netijeleri umumylaşdyryldy, geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň