Soňky habarlar

Arhiw

“Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi

13:5321.06.2018
0
4445

20-nji iýunda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) guradylar.
Gün tertibine BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizilen maslahata dürli ministrlikleriň we edaralaryň, transmilli maliýe institutlarynyň, kompaniýalaryň we täjirçilik banklarynyň wekilleriniň 200-e golaýy, şeýle hem BMGÖM-niň hem-de beýleki halkara we sebitara guramalarynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde üç bölüm boýunça mejlisler geçirilip, olarda milli we sebit derejelerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryny maliýeleşdirmegiň, içerki serişdeleri bir ýere jemlemek babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, maýa goýmakda milli bank ulgamynyň goruny, innowasion ösüşi, işewürligi maliýeleşdirmek tejribesi meselelerine, şeýle hem serhetüsti taslamalara garaldy.
Halkara maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly Türkmenistanda düzüm taslamalaryna seretdiler. Halkara gaz geçirijiniň gurulmagy Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösmegine ýardam edýär.
Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan milli derejede Durnukly ösüşiň maksatlaryny uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň birine öwrülip, olary milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri geçirýär. DÖM-ni netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan binýady döretmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen Ylmy-amaly merkeze ähmiýetli orun berilýär.
 “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň