Türkmenistanyň Prezidenti «Durnukly ösüş üçin suw» atly halkara maslahata gatnaşdy

13:4221.06.2018
0
6183

20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy.
Forumyň işine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Lýu Çženmin, dünýäniň 110-dan gowrak ýurdundan ýokary derejeli wekiliýetler, Birleşen Milletler Guramasynyň käbir düzümleriniň, halkara we sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, işewür toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň wekilleri geldiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda suw serişdelerini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak meseleleri diňe bir biziň halkymyz üçin däl-de, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip nygtady. Umumydünýä işleriniň barşy, dünýäde berk parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegi häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbä iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Owganystan Yslam Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany Abdulla Abdulla hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň