Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

11:4021.06.2018
0
3768

 20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleri babatda garaýyşlaryň ýakyndygyny belläp, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we beýlekiler ýaly, wajyp ekologiýa meseleleriniň çözülmeginde tagallalaryň birleşdirilmeginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Täjigistanyň Baştutany suwdan oýlanyşykly peýdalanmak meseleleri boýunça türkmen Lideriniň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň Prezidentleri doganlyk halklaryň taryhy, medeni hem-de ruhy umumylygyna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine we ösüş depginlerine ýokary baha berdiler.
Döwlet Baştutanlary iki ýurduň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli gatnaşyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyryp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giň gerimleri boýunça pikir alyşdylar hem-de netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň