Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

18:1216.06.2018
0
3823

Mähriban uçurymlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, kanunçylygy ygtybarly gorajak ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, şeýle hem zähmet ýoluna we harby gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň gadamlaryňyzyň batly, buýsançly başlaryňyzyň hemişe belent bolmagyny, geljekde size ynanyljak jogapkärli wezipelerde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Merdana Watan goragçylary!

Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini has-da berkitmek siziň mukaddes borjuňyzdyr.

Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri!

Türkmenler ähli döwürlerde ýurt goraýan gerçekleriň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga örän uly ähmiýet beripdirler. Şöhratly taryhymyzda türkmen serkerdeleriniň görkezen deňsiz- taýsyz edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy halkymyzyň kämil harby sungatynyň bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň gazananlarynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmak, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin bilimiňizi has-da kämilleşdirmek, göreldeli gulluk etmek siziň baş wezipäňize öwrülmelidir. Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz döwletiniň we mähriban halkymyzyň goragynda durmak uly hormatdyr, belent mertebedir we beýik jogapkärçilikdir.

Eziz Watanymyzyň merdana goragçylary!

Biz 2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan etdik. Bu ýylda türkmen ykdysadyýetine, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine, sebitiň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkemegine örän uly täsir etjek Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň täze tapgyryna badalga berilmegi, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy, «Serhetabat - Turgundy» demir ýolunyň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp, ulanmaga berilmegi, «Amul - Hazar 2018» awtorallisine, «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylan ugur boýunça welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň şanly taryhyna şöhratly sahypalary ýazdy, Berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Garaşsyz Diýarymyzda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň orny örän uludyr.

Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar!

Bütin dünýäde ylmyň, tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän häzirki döwründe ýurdumyzyň harby okuw mekdeplerinde sapaklaryň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw işine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden ulanmak zerur şert bolup durýar. Geljekde hem siziň bu jogapkärli wezipäni uly abraý bilen berjaý edip, ylymly- bilimli, arassa ahlakly, beden taýdan sagdyn, merdana watançylary terbiýeläp ýetişdirmekde gujur-gaýratyňyzy, ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Mukaddes Watanymyzyň merdana gerçekleri!

Siz Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele almalysyňyz. Döwletimiziň berk goraglylygyny üpjün edip, eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşine saldamly goşant goşmalysyňyz.

Hormatly uçurymlar!

Siziň Watany goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, mukaddes topragymyzyň hakyky mertleri bolup, ata Watanymyzy has-da beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn.

Sizi ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň