Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda galla oragy ýokary depginde dowam edýär

18:0716.06.2018
0
5280

Ahal welaýatynyň galla ekilen meýdanlarynda bugdaýyň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak boýunça depginli işler dowam edýär. Bu ýerde eýýäm orak möwsüminiň deň ýarysy geçilip, 112 müň gektara golaý meýdanyň bugdaýy oruldy. Watan harmanyna azyklyk dänäniň 227 müň tonna golaýy tabşyryldy.

Ahalda gallanyň bol ýerleriniň biri — Tejen etrabynyň daýhan birleşiklerinde möwsüm batly depginler bilen dowam edýär. 43 müň 900 gektar meýdanda bereketli hasyl ýetişdirildi, munuň özi öňde goýlan maksady gazanmaga: döwlete dänäniň 92 müň tonnadan gowragyny tabşyrmak baradaky maksada ýetmäge ynam döredýär.

Şu ýyl daýhanlaryň orak möwsümine örän jogapkärçilikli taýýarlanandyklaryny bellemek gerek. Tomsuň şu yssy günlerinde esasy agram mehanizatorlaryň gerdenine düşýär. Etrabyň altynsow galla meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda kuwwatly bugdaý orujy kombaýnlaryň 110-sy işledilýär, olara ýük awtoulaglarynyň 550-si hyzmat edip, dänäni kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara dessine ýetirýärler.

Türkmen dänesiniň taryhy watany bolan Ak bugdaý etrabynda ýokary öndürijilikli tehnika bil baglaýarlar. Onuň toplumynda 111 sany maşyn bolup, olar esasan “John Deere” (ABŞ) we “CLASS” (Germaniýa) kysymly däne orujy kombaýnlar biziň meýdanlarymyzda özüni gowy tarapdan görkezdiler, olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine ekerançylar mynasyp baha berdiler. Etrapda güýzlük däne 39 müň gektar meýdanda ekildi. Şertnamalaýyn borçnamalaryna laýyklykda ýerli kärendeçiler dänäniň 89 müň tonnasyny taýýarlamalydyr. Häzir olaryň hasabynda bugdaýyň 51,3 müň tonnasy bar.

2014-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen at ugrunda bäsleşigiň ýeňijisi bolup, ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde sylaga mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu bäsleşigiň netijeleri jemlenende durmuş-ykdysady ösüşiň ençeme görkezijileri, şol sanda däneçilikde gazanylan üstünlikler nazara alynýar.

Ahal welaýatynda şu möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda Gökdepe we Sarahs etraplary bar. Olaryň birinjisinde 12,1 müň gektar meýdandan häzire çenle dänäniň 16 müň tonnadan gowragy, ikinjisinde 20,5 müň gektar meýdandan 28,6 müň tonna golaý bugdaý ýygnaldy. Şeýlelikde, borçnama 60 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Sebit boýunça döwlet gaznasyna her gün 24 müň 750 tonna bugdaý tabşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda azyklyk däne öndürýän pudagy ösdürmek ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy, Türkmenistan öz çöregi bilen özüni doly üpjün edýär. Häzirki möwsümiň netijeleri türkmen daýhanlarynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny we eksport kuwwatyny berkitmäge nobatdaky möhüm goşandy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň