Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýolbaşçylar düzüminde käbir üýtgeşmeleri geçirdi

12:5014.06.2018
0
1770

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Röwşen Ýazmuhammedowiç Garajaýew Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, kapitan Beggeldi Hüseinowiç Patjanow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Kyýasowiç Aýnazarow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň