Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

12:2814.06.2018
0
3256
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ilkinji nobatdaky wezipeleri anyklaşdyryldy.

Döwlet Baştutany Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew bilen bilelikde welosipedde “Oguzhan” köşkler toplumyndan mejlisiň geçirilýän ýerine geldi.

Mejlisiň barşynda

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler;

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler;

içeri işler ministri I.Mulikow ýylyň başyndan bäri geçen döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, hukuk düzgün bozmalaryň öňüni almak, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýol-ulag hereketlerini sazlaşdyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilen işler;

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew garalýan döwürde kazyýet önümçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görlen anyk çäreler hem-de hukuk özgertmeleriniň öňe ilerledilişi;

Baş prokuror B.Atdaýew agzalan döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň hukuk namalarynyň takyk berjaý edilmegi babatda barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçiren işleri;

milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow garalýan döwürde ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň bäş aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri;

Adalat ministri B.Muhamedow bäş aýda geçirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy göreşmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde görülýän anyk çäreler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň bu düzümiň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdiler.

Mejlisde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň