Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

11:3014.06.2018
0
4490

Türkmenistanda galla oragynyň depginleri barha ýokarlanýar. 13-nji iýunda güýzlük däne oragyna Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler.

Demirgazyk welaýatyň galla meýdany 157 müň gektara deň bolup, ekerançylar olardan 300 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Ýolöten-3”, “Moskowskaýa”, “Batko”, “Irişka” we “Wassa” ýaly ýokary hasylly sortlaryny ekdiler.

2018-nji ýylyň orak möwsüminde “John Deere” (ABŞ) we “CLAAS” (Germaniýa) ýaly däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 363-si ulanylýar.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda bolsa, olaryň döwlet tarapyndan bellenilen meýilnamasy 120 müň tonna dänä deňdir. Günbatar sebitde güýzlük däne üçin 57 müň gektar ýer bölünip berildi, olaryň 47 müň 300 gektary Serdar we Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň oba hojalyk meýdanlarydyr. Bu ýerde bereketli hasyly ýetişdirmek üçin agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmeginden başlap, güýzlük dänelere ideg edilende ýerine ýetirilmeli işler amal edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň