Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy basketbol boýunça dünýä çempionatynda 12-nji orny eýelediler

11:0613.06.2018
0
10136

FIBA-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Filippinleriň Manila şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 12-nji orny eýelediler.

Biziň ýygyndymyza Aýna Gokowa, Leýla Halilowa, Anastasiýa Hydyrowa we Nigýara Nagiýewa wekilçilik etdiler. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ýaryşda Çehiýanyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň we Indoneziýanyň ýygyndylary bilen birlikde «C» toparçada çykyş etdiler.

Türkmen basketbolçylary Malaýziýanyň ýygyndysyndan 18:14, Indoneziýanyň ýygyndysyndan 20:11 hasabynda üstün çykan hem bolsalar, Ýewropaly bäsdeşlerinden utuldylar.

Topardaşymyz Italiýanyň altyn medala mynasyp bolan ýaryşynda türkmenistanly basketbolçy Aýna Gokowanyň iň netijeli oýunçy bolmagy biziň üçin ýakymlydyr. Türkmenistanly basketbolçy ýaryşda 36 utuk aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň