Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

01:0313.06.2018
0
2237

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda galla oragynyň barşyna, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häkimiň ünsüni bugdaý oragyny öz wagtynda ýitgisiz geçirmek, kombaýnlary we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak meselelerine çekdi. Milli Liderimiz bu jogapkärli işe gatnaşýan adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin, şol sanda gyzgyn nahar bilen üpjün etmek, medeni hyzmaty, göçme söwda hyzmatyny ýola goýmak, mahlasy, armasyny ýetirmek üçin iň oňat şertleri döretmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý hasylyny kabul etmek üçin bar bolan ammarlaryň we däne kabul edýän bölümleriň bökdençsiz işledilmegine gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary geçirmek meselesine çynlakaý çemeleşmegi tabşyrdy hem-de gallaçylaryň zähmet hakynyň öz wagtynda tölenmegini üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň her bir etrabynda galla oragynyň barşy bilen gyzyklanyp, ýerlerde möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin işleriň depginini güýçlendirmek barada häkime tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasyny netijeli amala aşyrmagyň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny belläp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitiň ekerançylyk ýerlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Welaýatyň häkimi möwsümde işlediljek kombaýnlaryň we awtoulaglaryň sanynyň kesgitlenendigini, şolaryň bökdençsiz işlemegi üçin zerur çäreleriň görlendigini, şeýle hem däne kabul ediş bölümleriniň taýýar edilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda geçiriljek galla oragy barada durup geçmek bilen, ony bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli tagallalary görmegi talap etdi. Milli Liderimiz kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy. Welaýatda ähli hojalyk işleriniň ekologik kadalara laýyk gelmegine gözegçilik etmek barada aýratyn görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz oragyň barşynda gallaçylaryň zerur bolan ähli zatlar bilen doly üpjün edilip, galla oragynyň ýokary depginde alyp barylmagy barada tabşyryk berdi. Şeýle hem kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň hem yzygiderli çäreleri talap edýändigini aýdyp, welaýatda degişli işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler, ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işler hem-de galla oragyna başlamaga görlen taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda başlanjak galla oragy barada aýtmak bilen, möwsümde oba hojalyk tehnikalaryny has netijeli ulanmak, oragy öz wagtynda geçirmek maksadynda degişli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berip, möwsümiň dowamynda kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de ammarlary taýýarlamagyň, gallaçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň galla oragynyň depgini barha güýçlenýän, gallaçylary tehniki serişdeler we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmek işi ýaýbaňlanýan oba hojalyk görkezijileri barada hasabat berdi.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatyň durmuş düzümlerini ösdürmek boýunça işlenilip taýýarlanylan meýilnamalar hakynda hasabat berildi.

Milli Liderimiz welaýatyň etraplarynda galla oragynyň barşynyň depginleri bilen gyzyklanyp, ýerlerde ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak arkaly bu işiň depginini has-da güýçlendirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň oba hojalyk zähmetkeşleri üçin jogapkärli pursatdygyny belläp, bu möwsümiň gysga möhletde hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna gatnaşýan ähli adamlaryň üns-alada bilen gurşalyp alynmagynyň, iş üstünde medeni-durmuş hyzmatlary bilen üpjün edilmeginiň olary öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyny aýdyp, günorta arakesmesinde bu çäreleri guramak barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz kärendeçi-gallaçylar bilen özara hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragyndan boşan meýdanlarda şaly ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek barada hem häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýän işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin çäreler, oragyň depginlerini bellenen derejä çykarmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän maksatnamalaýyn çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý oragyna gatnaşýan düzümleriň ählisiniň öz aralarynda takyk hereket etmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýüze çykýan ähli meseleleri dessine çözmegi hem-de oba hojalyk tehnikalaryny we dänäni daşamak üçin ulaglary netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz galla oragynda işledilýän kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň ýokary öndürijilikli netijeliligini artdyrmak maksady bilen, abatlaýyş toparlarynyň, mehanizatorlara we kärendeçilere tehniki taýdan hyzmat edýän toparlaryň çalt ýardam bermegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatyň etraplarynda bugdaý oragynyň depginini güýçlendirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekip, halkymyzyň bolelinliginiň we berekediniň gözbaşy bolan bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň zerurdygyny belledi hem-de oragyň depginlerini güýçlendirmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz meýdan işlerini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, oraga gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur hyzmatlary iş üstünde ýola goýmagy üpjün etmegi tabşyryp, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary geçirmäge üns bermegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, orak möwsümini öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly gysga möhletlerde we ýokary hilli ýygnap almak üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meýdanlarda ýetişdirilen bugdaýyň bereketli hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin bugdaý oragynyň ýokary depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Dänäniň zerur derejede saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen hem degişli çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra iş maslahatynda Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işi, daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz milli maliýe-ykdysady we bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ilkinji derejeli wezipeleri kesgitläp, şunuň bilen baglylykda, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz tabşyrylan hasyl üçin gallaçy kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirmek boýunça işleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtap, anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda garalan meselelere ünsi çekip, oragyň öz wagtynda tamamlanmagy, ýygnalan hasyly ammarlara daşamak we ony zerur derejede saklamak boýunça meseleleri netijeli çözmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda degişli düzümleriň utgaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy.

Iş maslahatyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu işleriň maksadynyň berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň