Soňky habarlar

Arhiw

"Balkan" ýaryşdaky goňşusyny ýeňdi

00:1409.06.2018
0
1150

Futbol çempionatymyzyň 14-nji tapgyrynyň birinji duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda “Köpetdag” bilen “Balkan” toparlary duşuşdylar.

Bu toparlaryň arasynda birinji aýlawyň duşuşygy Balkanabatda geçirilip, şonda “Köpetdag” 3:2 hasabynda ýeňşini baýram edipdi. Bu duşuşykda bolsa ýeňiş “Balkanyň” tarapynda boldy. Balkanabadyň toparyna möwsümdäki ikinji ýeňişini gazandyran netijeli urgulary Yhlas Magtymow bilen Röwşen Baýlyýew öz atlaryna ýazdyrdylar. 8-nji orunda barýan “Balkan” bu ýeňşinden soň utuklarynyň sanyny ýedä ýetirdi. Bassyr üçünji ýeňlişine sezewar bolan “Köpetdag” toplan 12 utugy bilen ýedinji orny eýeleýär.

14-nji tapgyrynyň beýleki duşuşyklary 9-10-njy iýunda geçiriler.

 “Köpetdag” – “Balkan” – 1:2

Gollar: Döwlet Döwletmyradow 27 (“Köpetdag”) – Yhlas Magtymow 6, Röwşen Baýlyýew 63 (“Balkan”)

Duýduryşlar: Gahrymanberdi Çonkaýew 45, Baýram Nurlyýew 72 (“Köpetdag”)– Ilýa Kirilenko 38, Döwletgeldi Mirsultanow 40, Arslan Paýyzow 45, Yhlas Toýjanow 52 (“Balkan”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 500

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň