Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawyň jemleýji tapgyryna badalga berler

16:5708.06.2018
0
1226

Şu gün, sagat 19-da «Köpetdag» stadionynda başlanjak «Köpetdag» — «Balkan» duşuşygy bilen Futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda ikinji aýlawyň jemleýji tapgyrynyň, ýagny 14-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Tapgyryň ilkinji günündäki duşuşyga Daşoguz şäherinde A.Sapaýew eminlik eder.
Milli birinjilik ertir iki duşuşyk bilen dowam eder. Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» «Aşgabady», paýtagtda bolsa bassyr iki tapgyr bäri utulyşdan halas bolup bilmeýän häzirki çempion «Altyn asyr» «Merwi» kabul eder.
Kenarýaka şäherdäki «Şagadam» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 18:30-da başlar. Oňa Aşgabat şäherinden ýaş emin Resul Mämmedow eminlik eder. Diller merkezindäki futbol meýdançasynda geçiriljek duşuşygyň bolsa 18:15-de başlanmagyna garaşylýar. Birinji aýlawda hem biri-birini utup bilmedik garşydaşlaryň möwsümdäki ikinji duşuşygyna aşgabatly Babanazar Haknazarow eminlik eder.
Tapgyryň üçünji gününde «Ahal» «Energetigi» kabul eder. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçiriljek duşuşyk 18:30-da başlanar. Duşuşyga paýtagtly J.Jumanazarow eminlik eder.
Şu tapgyrdan soň «Energetik», «Aşgabat», «Merw» we «Köpetdag» toparlary arakesmä çykarlar. Çempionatyň galan dört toparynda bolsa entek ätiýaçlykda duran oýunlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň