Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

15:1808.06.2018
0
8270

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Ilkinji tanyşdyrylan taslamalaryň biri “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň taslamasydyr. 5 gatly täze myhmanhanalar toplumynda otaglaryň 134-si, şol sanda aňrybaş amatly we VIP otaglary ýerleşdiriler. Restoranlar, toý mekany, maslahatlar zaly, fitnes merkezi, suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony, sowgatlyk dükany hem myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Täze desga myhmanhananyň baş binasy bilen birleşdiriler.
Şeýle hem döwlet Baştutanyň garamagyna köpugurly işewürlik merkezli, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ajaýyp “Garagum” myhmanhanasynyň taslamasynyň dürli görnüşleri hödürlenildi. Onuň gurluşygy üçin A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda ýer bölegi berler. Täze myhmanhanada ähli amatlyklary bolan otaglar myhmanlaryň ygtyýarynda bolar.
Paýtagtymyzyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetirjek bu toplumyň çäginde 500 orunlyk toý mekanyny, sport zolagyny, çagalar üçin oýun meýdançasyny, üsti ýapyk awtoduralgany, degişli tehniki gulluklar üçin desgalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Özboluşly çözgütler myhmanhananyň binagärlik keşbini tapawutlandyryp, olarda milli binagärligiň gadymy däpleri, Türkmenistanyň dünýä belli taryhy-medeni ýadygärlikleriniň keşbi hem-de Garagum çöli ýaly tebigy gözellikler öz beýanyny tapar.
Tanyşdyrylan taslamalaryň nobatdakysy Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň taslamalarydyr. Bu ýerde dört gatly, jemi altmyş iki sany ýaşaýyş jaýy — 52 öýli 22 jaýy hem-de 48 öýli 40 jaýy, 160 çaga niýetlenen çagalar bagyny, 320 orunlyk mekdebi, şeýle hem Söwda-dynç alyş merkezini, iki gatly dükanlaryň 10-syny we bazary gurmak meýilleşdirilýär. Her bir jaýda iki gatly dükanlar we bazar ýerleşdiriler. Her jaýda giň bir, iki, üç we dört otagly öýler göz öňünde tutulýar.
Soňra döwlet Baştutany Aşgabat şäheri üçin suw arassalaýjy desgalaryň ikisiniň gurluşygy boýunça hödürlenen teklipler bilen tanyşdy, desgalary Ahal welaýatynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň kuwwatlylygy degişlilikde bir gije-gündizde 150 müň we 250 müň kub metre deň bolar.
Türkmenistanyň Prezidentine Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edilmegi göz öňünde tutulýan ýaşaýyş toplumynyň Baş meýilnamasy, täze iri ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary we nusgalary görkezildi. Gurluşyk üçin Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşdirilen ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýerde dört gatly iri panelli jaýlarynyň — 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-si we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 17-si, bäş otagly iki gatly kottejleriň 170-si, 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, Söwda merkezleriniň 2-si hem-de hyzmatlar öýleriniň 2-si bina ediler. 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-siniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar. Galan desgalaryň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Meýilnamalaşdyrylan täze gurluşyklaryň hatarynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmaly awtomenziller hem bolup, olaryň taslamalaryny wise-premýer M.Çakyýew milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Desgalaryň her biri 3 gektar meýdanda ýerleşýär hem-de 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Awtomenziliň 2 gatly binasyndan başga, her toplumyň çäginde kömekçi we tehniki binalar, üsti ýapyk duralgalar ýerleşdiriler, desgalaryň binagärlik keşbi milli öwüşgine eýe bolar.
Döwlet Baştutanynyň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak täze kottej toplumynyň Baş meýilnamasyny we ýerleşiş çyzgysy hem hödürlenildi. Toplum deňziň kenarynda ýerleşer. Onuň düzümine 1080 orunlyk 63 sany kottej, dynç alyş zolaklary, sport we çagalar oýun meýdançalary, howuzlar, awtoduralgalar, dolandyryş binalary girer. Bu ýerde 2 we 4 maşgala niýetlenen üç görnüşli kottejleri gurmak göz öňünde tutulýar. Toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň paýlarynyň esasynda gurmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde deňiz tolkunlaryndan galyp barýan guwlaryň şekili görnüşindäki binany gurmak teklip edilýär. Onuň taslamasy boýunça wise-premýer M.Çakyýew hasabat berdi. Bina “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň öňündäki aýlaw ýolunyň merkezinde gurlar. Desganyň düýbüniň diametri 36 metr, umumy beýikligi 23 metre deň bolar.
Döwlet Baştutanynyň garamagyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň çyzgysy hem-de tehniki häsiýetnamasy, bu ýoluň ugrunda töleg terminallaryny, motelleri, naharhanalary, dükanlary, dermanhanalary, awtoulaglara ýangyç guýujy beketleri, şeýle hem awtoduralgalary, ulanyş we dolandyryş merkezlerini we beýleki degişli desgalary, hususan-da, inženerçilik desgalaryny ýerleşdirmegiň meýilnamasy hödürlenildi.
Tanyşdyryş çäresiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aşgabadyň şaýollaryndan we köçelerinden degişli inžener-tehniki ulgamy peýdalanmak hem-de paýtagtymyzyň lagym-aragatnaşyk ötüklerini herekete getirmek arkaly çabga ýagyşlarynyň uly möçberlerini sowmak boýunça göz öňünde tutulýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi.
Tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutany bu taslamalar barad degişli tekliplerini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň