Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» bassyr ikinji gezek ýeňildi

17:4407.06.2018
0
1513

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň geçen ýyl bassyr dördünji çempionlygyny gazanyp, «Köpetdagyň» 1992 — 1995-nji ýyllar aralygyndaky rekordyny gaýtalandygyny okyjylarymyz bilýändir. Elbetde, «aragatnaşykçylar» möwsüme rekordy täzelemek ýa-da, başgaça aýtsak, üstünlikli ýoly dowam etdirmek maksady bilen girişdiler. Munuň üçin olarda ýeterlik güýçdäki düzüm hem bar. Ýöne bu ýyl diňe «Altyn asyr» ýa-da geçen ýylky çempionlykda esasy bäsdeş bolan «Ahal» däl-de, çempionatdaky beýleki toparlar hem güýçli. Üstesine-de, bassyr iki tapgyr bäri «Altyn asyra» şowlulyk hem ýetenok. Bu ýagdaý bolsa AFK-nyň kubogynda ýurdumyzyň futbol abraýyny goraýan toparymyzyň soňky iki duşuşygynda hem utulmagyna getirdi.

         Ýokary liganyň 26-njy möwsüminiň 13-nji tapgyrynda Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Energetikden» 0:1 hasabynda utulan «aragatnaşykçylar» şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtyň Diller merkezindäki öz meýdanynda kenarýaka şäheriň «Şagadamyndan» hem edil şu hasap bilen asgyn geldiler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň soňky ýyllardaky iň güýçli topary üç taraplaýyn urgy aldy. Elbetde, olaryň ilkinjisi şu möwsümde ilkinji gezek bassyr iki duşuşykda utulyp, 6 utuk ýitirmek. Ikinjisi ýaryş tertibiniň başyny çekýän «Ahal» bilen 2 utuklyk tapawudy ýok edip, ýene-de ýaryşyň kerwenbaşysy bolmak mümkinçiligini elden gidirmek. Üçünji urgy bolsa ýaryş tertibinde öz eýeleýän ornuny hem ýitirip, üçünji orna düşmek. Ýöne bu — futbol. Her hili ýagdaý bolup bilýär. Dünýäniň «Real Madrid», «Barselona», «Bawariýa» ýaly läheňleri hem birnäçe duşuşykda yzygiderli utuk ýitirp bilýär. Galyberse-de bu ýagdaý, çempionatyň şu möwsüminde bäsdeşligiň juda güýlüdigini görkezýär. Şu ýyl biz «Altyn asyryň» «Köpetdagy», «Köpetdagyň» «Şagadamy», «Şagadamyň» bolsa «Altyn asyry» ýeňip bilýän möwsümini başdan geçirýäris. Garaz, Angliýanyň futboly üçin aýdylýan «Kimiň ýeňjekdigini öňünden aýtmak kyn» diýilýän sözüň şu ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatyna degişlidigini hem gypynçsyz aýdyp bileris.

         Çarşenbe güni Diller merkeziniň futbol meýdanynda geçirilen duşuşykda «Altyn asyr», aslynda, utulmaga mynasyp oýun hem görkezmedi. Futbol çempionatymyzyň geçen möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçy Myrat Ýagşyýewe bu duşuşykda-da tapawutlanmak üçin birnäçe mümkinçilik boldy. Ýöne 6-njy minutda depen pökggüsi sütüni degen bolsa, 21-nji minutda dörän amatly pursatda derwezewandan geçip bilmedi. 51-nji minutda-da şeýle pursatlaryň biri elden gitdi. Garaz, duşuşygyň iň soňky minutlaryna çenli esasy hüjümler «Şagadamyň» derwezesiniň ýakynynda bolan hem bolsa, duşuşyk «kenarlylary» gutlaýmaly netije bilen tamamlandy.

         Derwezelere pökgi geçirmek ugrundaky göreş ýitileşse, dartgynlylyk hem güýçlenýär. Bu bolsa wagtyň köp saklanmagyna-da getirip billýär. Şeýle bolansoň, türkmenabatly emin R.Ereşow esasy wagta goşmaça 8 minut goşmaly boldy. Ine, şol goşmaça minutlar hem duşuşygyň ykbalyny kesgitledi. Goşulan wagtyň birinji minudynda Alibek Abdyrahmanow myhman topara ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, şu möwsümde ikinji gezek tapawutlanan futbolçy toparynyň soňky iki ýeňşini hem öz egnine aldy (ol 13-nji tapgyrda «Şagadamyň» myhmançylykda «Balkan» bilen geçiren duşuşygynda-da (1:0) ýeketäk pökgini geçiripdi). «Altyn asyryň» şondan soňky hüjümleri hem peýda bermedi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:0 hasabynda «Şagadamyň» peýdasyna tamamlandy.

         Bu ýeňişden soň, «Şagadam» «Altyn asyr» bilen utugyny deňledi. Indi toparlaryň ikisinde-de 11 duşuşykdan 22 utuk bar. Ýöne Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparlaryň özara duşuşyklary hasaba alnyp, «Şagadam» ikinji, «Altyn asyr» üçünji orunda ýerleşdi. Ýaryşyň başyny bolsa entek hem 11 duşuşykda 24 utuk toplan «Ahal» çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň