Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan — ABŞ» işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

16:2007.06.2018
0
6992

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we işewür netijeli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň dürli pudaklardaky bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan mümkinçiliklerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn ýollarynyň döredilmegine ýardam berýän işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynda ýangyç-energetika toplumy, gaýtadan işleýýän senagat ulgamlary, ulag-logistika, maýagoýum, halk hojalygy ýaly möhüm ugurlar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň