Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmentelekom" ýokary tizlikli çäksiz internet üçin täze nyrhnamalar döretdi

03:2907.06.2018
2
61210

"Türkmentelekom" Döwlet elektron aragatnaşyk kärhanasy özüniň online.tm resmi saýtynda sekuntda 3 megabaýt tizlikli çäksiz wi-fi interneti jemgyýetçilik ýerlerinde ulanmagyň täze nyrhnamalary barada habar berdi.

Nyrhnamada 1 sagatlyk wi-fi üçin 5, 3 sagatlyk wi-fi üçin (bir günüň dowamynda ulanmak şerti bilen) 10 manat töleg alynýandygy görkezilýär. Müşderi islegine görä, bir günlük, bir hepdelik ýa bir aýlyk wi-fi üçin hem töleg geçirip biler. Ol bir günlük ýokary tizlikli internet üçin 15, bir hepdelik üçin 50, eger ondan tutuş bir aýyň dowamynda peýdalanjak bolsa 150 manat töleg bilen ulanyp biler. Wagtyň ululygyna görä,tölegiň elýeterliliginiň artýandygyny şu maglumatlar hem takyk görkezýär.

Nyrhnama görä, Türkmenistandaky halkara howa menzilleriniň tranzit (üstaşyr) zonasynda ýokary tizlikli internetden peýdalanjak daşary ýurtly ýolagçylar onuň hersagady üçin 5 amerikan dollaryny tölemeli bolarlar.
Çäksiz wi-fi hyzmaty indi ýurdumyzyň şypahanalarynda-da dikeldildi. Saýtda görkezilişi ýaly, Arçman, Baýramaly, Mollagara we Farap şypahanalarynda saglygyny dikeldýän ildeşlerimiz 10 günlük ýokary tizlikli internetden amatly bahadan, bary-ýogy 30 manat töleg bilen peýdalanyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Dfddddddd4677 ( 29.07.2021 )

Ýokary tizlikli interneti Daşoguzda ýagny öýüne birikdirip bolyamy

12
Dfddddddd4677 ( 29.07.2021 )

Online.tm girip bilemok 404 errory görkezip girenok

5