Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda galla oragy badalga aldy

03:0307.06.2018
0
9076

6-njy iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular.

Şu ýyl türkmen gallaçylarynyň öňünde güýzlük bugdaý ekilen 760 müň gektardan 1 million 600 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnamak wezipesi durýar. Ekerançylyk ýerleriniň esasy bölegine “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzyl şaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko”, “Krupinka” ýaly bugdaýyň bol hasylly görnüşleri ekildi.

Ýurdumyzda, tutuşlygyna alanyňda, 2018-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сase”, “New Hol­land”, “John Deere”, “СLAAS” kysymly däne orujy kombaýnlaryň 1 müň 700-si işlediler.

Galla oragy möwsüminde 519 sany göçme abatlaýjy tehniki topar, 10 müň ýük ulagy, 162 kabul ediş bölümi gallaçylaryň hyzmatynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň