Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

11:5606.06.2018
0
9198

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.

Maslahata ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň ekolog alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli parlamentiň deputatlary gatnaşdylar.

Maslahata daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa ulgamynda dünýäniň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy edarasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça Patyşalyk jemgyýetiniň, Norwegiýanyň Tebigat ulgamynda ylmy barlaglar institutynyň wekilleri bar.

Halkara maslahatda edilen çykyşlarda ekologiýa çäreleriniň häzir Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze ýagdaýyna, tutuş halk hojalygynda tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin esasa öwrülýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň