Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Dünýä kubogyna gatnaşýan ähli ýygyndylar gutarnykly düzümini kesgitlediler

03:0305.06.2018
0
7224

Russiýa Federasiýasynda geçiriljek Dünýä çempionatynyň başlanmagyna 10 gün galanda oňa gatnaşjak ähli milli ýygyndylar gutarnykly düzümini kesgitläp, sanawlary FIFA berdiler. 
Şeýlelikde, 21-nji gezek geçirilýän Dünýä kubogynda 736 futbolçy çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu san 32 milli ýygyndynyň her haýsyna 23 futbolçydan düşýär. Çempionat 14-nji iýunda Moskwanyň «Lužniki» stadionynda geçiriljek Russiýa — Saud Arabystany duşuşygy bilen başlanar.
Ozalky çempion Germnaiýanyň 2014-nji ýyldaky düzüminden 9 futbolçy bar. Olar Manuel Noýer, Mattias Ginter, Mats Hummels, Jerom Boateng, Sami Hedira, Ýulian Draksler, Toni Kroos, Mesut Özil we Tomas Mýullerdir.
Ýer eýeleriniň — Russiýanyň düzüminden 7 futbolçy ozal dünýä çempionatyna gatnaşyp gördi. Igor Akinfeýew, Sergeý Ignaşewiç, Andreý Semenow, Wladimir Granat, Alan Zagoýew, Ýuriý Žirkow we Aleksandr Samedow Russiýanyň milli ýygyndysynyň Dünýä kubogy — 2014-däki düzüminde hem bardylar. Galan 16 futbolçy bolsa dünýä çempionatynda çykyş etmek bagtyna Russiýada eýe bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň