Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:2204.06.2018
0
6986

 4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.
Iş maslahatynyň barşynda welaýat häkimleri häzirki döwürde sebitlerde galla oragyna guramaçylykly girişmek ugrunda taýýarlanylan iş meýilnamasy, gowaçalara ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreler, gowaçanyň hatarara bejergisi we zyýankeş mör-möjeklere garşy göreş çäreleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyna guramaçylykly girişmek meselesine ünsi çekip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin möwsümi gije-gündiziň dowamynda guramaçylykly alyp barmak maksady bilen düzülen meýilnamanyň pugta berjaý edilmegi, galla kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlarda gurulýan dürli maksatly binalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatynda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, galla oragyna taýýarlyk görmek, şol sanda tehnikany, kabul ediş bölümlerini taýýarlamak we beýleki işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, bugdaýdan boşan meýdanlara degişli ekinleri ekmek boýunça taýýarlanylan meýilnama hakynda habar berildi. Mundan başga-da, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmek, ähli galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlygyny, tehnikanyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyran giň möçberli işleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleri, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şäherde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, olaryň öz wagtynda gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini, inženerçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan amatly şäher gurşawyny kemala getirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, şäher ýollarynyň gurluşygynda, olary abatlamak işlerinde hil derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň