Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň ilçisi işe başlady

23:1404.06.2018
0
4368

4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Ernesto Lagoriodan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda jenap Rikardo Ernesto Lagorio Türkmenistanyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem diplomat Mejlisiň düzümi hem-de köpugurly işi, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli demokratik özgertmeleriň çäklerinde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.
Ilçi Türkmenistanyň ýeten derejesine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Şeýle hem iki ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

***

Şu gün Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Diplomatyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna barmagy meýilleşdirildi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary we Aşgabadyň ajaýyp ýerleri bilen hem tanşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň