Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Energetigiň» böwedinden geçip bilmedi

11:4704.06.2018
0
1173

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” toparyny kabul eden “Energetik” 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparyna wajyp ýeňşi getiren topy oýnuň 83-nji minutynda Guwanç Gurbangeldiýew öz adyna ýazdyrdy.
Bu toparlaryň arasynda geçirilen birinji aýlawyň duşuşygy 3:0 hasabynda “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlanandygyny ýatladýarys.
Gazanan bu wajyp ýeňşinden soň “Energetik” topary toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde dördünji orna geçmegi başardy.
Milli çempionatymyzyň 13-nji tapgyry şu gün geçiriljek «Aşgabat» — «Ahal» duşuşygy bilen tamamlanar.

 “Energetik” – “Altyn Asyr” – 1:0

Gol: Guwanç Gurbangulyýew 83 (“Energetik”)

Duýduryş: Rahmet Şermetow 90+4 (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň